Türkmenistanyň wekiliýeti Ylym-tehnologiýa pudagyndaky hökümetara türkmen-belarus hyzmatdaşlyk toparynyň III mejlisine gatnaşdy we onda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Mejlisde täze himiki tehnologiýalary we serişdeleri döretmek, bio we nanotehnologiýalar boýunça gözlegler, lukmançylyk we derman senagaty pudagyndaky bilelikdäki taslamalar, daşky gurşaw meselelerini çözmek, tebigy we tehnogen seýsmiki hadysalary öwrenmek, şeýle hem oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, belarus tarapyna bolsa, Respublikanyň Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Tatýana Stolýarowa ýolbaşçylyk etdiler.
Taraplar özara peýdaly esasda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek barada ylalaşyk gazandylar. Ylmy bilimleri, tejribe alyş-çalşy işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslama çärelerini giňeltmek we umumy gözleg guramalaryny we ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek üçin tagalla etmek barada ylalaşyldy.