Ata Watanymyz Türkmenistanda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň Kuraş görnüşi boýunça 14-nji Dünýä çempionaty geçirilýär. Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 – jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär. Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry 1999–2002-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da her ýyl, 2005-nji ýyl­dan bä­ri bol­sa her iki ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýär. 14-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän şu ge­zek­ki Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny­nyň iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­de bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Ku­raş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ber­ýän soň­ky mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, 490-dan gow­rak we­kil, şol san­da 53 döw­let­den tür­gen­le­riň 243-si, tä­lim­çi­ler, emin­ler we beý­le­ki res­mi adam­lar Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek çem­pio­na­ta gat­naş­jak­dyk­la­ry­ny mä­lim edip ýüz tut­du­lar. Mu­nuň özi ozal dür­li ýurt­lar­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­le­rin­den has ýo­ka­ry­dyr.

Türk­men päl­wan­la­ry­nyň 15-si çy­kyş eder
Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ber­ýän mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şu ge­zek­ki Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýa­ryş­lar ag­ram de­re­je­le­ri­niň 15-si bo­ýun­ça ge­çi­ri­ler. Er­kek­ler 60, 66, 73, 81, 90, 100 we 100 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­le­rin­de, ze­nan­lar bol­sa 48, 52, 57, 63, 70, 78, 87 we 87 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­le­rin­de bäs­le­şer­ler. Päl­wan­lar me­dal top­lum­la­ry­nyň 15-si ug­run­da gö­re­şer. Her ag­ram de­re­je­sin­de 1 al­tyn, 1 kü­müş we 2 bü­rünç me­dal gow­şu­ry­lar. Şeý­le­lik­de, baý­rak­ly orun­la­ryň je­mi 60-sy bo­lar.
55-e go­laý döw­le­te we­kil­çi­lik et­jek 250 çe­me­si tür­ge­niň ara­syn­da gu­ral­ýan ýa­ryş­a ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny go­ra­mak üçin er­jel päl­wan­la­ryň 15-si saý­la­nyp alyn­dy. Olar da­şa­ry ýurt­lar­da we Ar­ka­dag şä­he­ri­niň döw­re­bap sport des­ga­la­ryn­da bir­nä­çe okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry­ny geç­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Dört­gu­ly Te­je­no­wyň ha­ly­pa­ly­gyn­da tür­gen­le­şen er­kek­ler mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň dü­zü­mi­ne päl­wan­la­ryň 7-si gi­rer: We­pa Aw­li­ýa­ku­ly­ýew (60 kg), Döw­let Ham­ra­ku­ly­ýew (66 kg), Şat­lyk Ju­ma­ny­ýa­zow (73 kg), Da­ýanç Omi­row
(81 kg), San­jar Ab­dy­rah­ma­now (90 kg), Rus­lan Es­ge­row (100 kg) hem-de Sa­pa Sa­pa­ýew (+100 kg). Ze­nan­lar ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz­da tür­gen­le­riň 8-si: Aý­şi­rin Haý­da­ro­wa (48 kg), Aý­nur Ama­no­wa (52 kg), Gül­şat An­na­ýe­wa (57 kg), Di­na­ra Ro­zy­ku­lo­wa (63 kg), Ma­ri­ýa Lo­ho­wa (70 kg), Sa­bi­na Ka­dy­ro­wa (78 kg), Ja­han Mu­ham­me­do­wa (87 kg) hem-de Sa­bi­na Aga­ja­no­wa (+87 kg) hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy Şi­rin Ku­ba­ýe­wa­nyň tä­lim­çi­li­gin­de ýa­ry­şa taý­ýar­lan­dy­lar.

Meý­le­tin­çi­ler – ýa­ryş­la­ryň esa­sy kö­mek­çi­le­ri
24 ýyl­lyk ýo­luň 14-nji du­ral­ga­sy bo­lan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de ge­çi­ril­ýän bu dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ýa­ry­şa di­ňe bir tür­gen­ler, tä­lim­çi­ler gat­naş­man, eý­sem, ýur­du­myz­dan saý­la­nan meý­le­tin­çi­ler hem gat­naş­ýar.
Ku­raş bo­ýun­ça XIV Dün­ýä çem­pio­na­ty bi­len bag­ly ýaz­gy­lar­dyr şy­gar­lar ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­da aý­ra­tyn ýa­ra­şyk ber­ýär. Sport baý­ram­çy­ly­gy­na taý­ýar­lyk di­ňe bir şä­he­ri däl, eý­sem, şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we onuň myh­man­la­ry­nyň ýü­rek­le­ri­ni hem be­ze­ýär. Il­deş­le­ri­miz­de Olim­pi­ýa şä­her­jigi­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ril­jek ýa­ry­şa bo­lan gy­zyk­lan­ma örän uly.
23–28-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň tut­lu­şyk­la­ry­ gö­ni ýaý­lym­da üç dil­de – türk­men, rus we iň­lis dil­le­rin­de tes­wir­le­mek göz öňünde tutuldy. Mu­nuň üçin ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­den saý­la­nyp al­nan ta­lyp­la­ra Olim­pi­ýa şä­her­jigin­dä­ki Hal­ka­ra ýaý­ly­ma be­riş mer­ke­zin­de okuw­lar ge­çil­di. Olar okuw­la­ryň çäk­le­rin­de sport ýa­ryş­la­ry­ny tes­wir­le­mek bo­ýun­ça köp zat­la­ry öw­ren­di­ler.
Meý­le­tin­çi­ler işi hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ryn­dan meý­le­tin­çi­le­riň 310-sy saý­la­nyp alyn­dy. Olar taý­ýar­lyk ugur­la­ry­nyň 14-si bo­ýun­ça myh­man­la­ra ýar­dam eder.
Şol meý­le­tin­çi­le­riň için­de bi­ziň hem baý­ry ýo­ka­ry oku­w mekdebimiz bo­lan Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň 80 ta­lyby­nyň bol­ma­gy buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Çün­ki bu ýaş­la­ra dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ren­mek bi­len bir ha­tar­da sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga açy­lyp be­ril­ýän müm­kin­çi­lik­le­riň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň şu ge­zek­ki ýa­ry­şyn­da türk­men tür­gen­le­ri­ne üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­läp, ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­me­gi ar­zuw ed­ýä­ris!

Im­ran GA­SY­MOW,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.