22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly forum geçirildi. Forum iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Foruma halkara guramalaryň wekilleri, Ýaponiýa, Azerbaýjan Respublikasy, ABŞ, Fransiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Germaniýa Federatiw Respublikasy ýaly ýurtlardan iň iri 74 sany kompaniýanyň 150-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan bu foruma ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, hususy telekeçiler gatnaşdylar.
Forumda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda bank, ätiýaçlandyryş we maliýe ulgamynda daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň mümkinçilikleri, hukuk binýady, kanunçylyk hem-de döredilýän ýeňillikler barada söhbet edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen amala aşyrylýan we geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalary barada gürrüň berildi. Daşary ýurt maýadarlary bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge çagyryldy.
Forumda ykdysady ösüş üçin möhüm pudaklara aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistanyň maýa goýum babatdaky geljegine giňişleýin syn berildi. Energetika we himiýa pudaklary, bu pudaklarda bar bolan maýa goýum mümkinçilikleri ýygnananlaryň üns merkezinde boldy. Ara alyp maslahatlaşmalar ýurduň «ýaşyl» maýa goýumlara, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine we wodorod energiýasynyň ösýän pudagyna ygrarlydygyny, durnukly we ekologik taýdan arassa başlangyçlara geçjekdigini görkezdi.
***
Londonda «Türkmenistan – maýa goýumlar we ösüş» atly iki günlük forumna gatnaşmak üçin dürli ugurlarda işleýän onlarça hususy kompaniýa we Türkmenistanyň aýry-aýry kärhanalary-da isleg bildirdi. Olaryň arasynda “Gujurly inžener” we “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri, “Mizemez gadam” hususy kärhanasy, ulag we logistika kompaniýalary, şol sanda “Bir kuwwat” kompaniýasy we azyk önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen “Balam” konditer fabrigi, “Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti, “Nurly meýdan” guşçulyk hojalygy we başgalar bar.
London forumyna gatnaşýan iri pomidor öndürijisi “Ýigit” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup kompaniýanyň önümleriniň hil, howpsuzlyk we ekologik talaplarynyň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan Global G.A.P. şahadatnamasyny aldy.
Foruma haryt öndürijilerinden başga-da, döwlete dahylly däl hyzmatlary ösdürýän hususy şereketler hem gatnaşýarlar. Olaryň arasynda foruma gatnaşýan ýokary hilli mahabat, çap we neşirýat hyzmatlaryny hödürleýän “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti, şeýle hem meşhur supermarketler ulgamy bolan iri “Halkmarket” bar.