23-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. 25-nji noýabra çenli geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe medeni çäreler we duşuşyklar geçiriler.
Ýurdumyzyň Yspyhan şäherinde geçirilýän Medeniýet günleriniň ilkinji güni şäheriň «Hozär Honari» zalynda ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän serginiň açylyş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýan muzeý gymmatlyklary, şol sanda amaly-haşam sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Yspyhanda açylan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň döredijilik topary, has takygy Türkmenistanyň halk artisti Guwanç Ýazmämmedow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Batyr Çaryýew, Aly Alyýew, Begmyrat Annamyradow hem-de ýurdumyzyň Döwlet tans topary bilelikde «Türkmen ilinden salam» atly edebi kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Soňra dabarada Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň sözlerine, Begnazar Babanyýazowyň sazyna döredilen «Bady sabany görsem» atly aýdym ýaňlandy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Amanmyrat Agaýewiň ýerine ýetiren aýdymy dabara gatnaşyjylar uly gyzyklanma döretdi.
Dabaranyň dowamynda Bäşim Ýolamanowyň «Näzliniň», Hemra Nuryýewiň «Maral zeýrendi», Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwletgeldi Durdyýewiň «Ýigide», Söhbet Annamyradowyň «Durdy bagşy», Aly Alyýewiň «Gözlerim seni gözlär», Türkmenistanyň halk artisti Guwanç Ýazmämmedowyň «Köne güzer» ýaly türkmen halk aýdymlarydyr sazlary Yspyhan şäherinde geçirilýän ýurdumyzyň Medeniýet günlerine gatnaşýan myhmanlaryň şatlygyny artdyrdy.
Türkmenistanyň halk artistleri Serdar Haýdarowyň, Atajan Eýýubowyň bilelikde ýerine ýetiren «Gülüstan», «Ylham joşguny» ýaly sazlary medeniýet we sungat arkaly halkaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilýändigine aýdyň şaýatlyk etdi.