Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bereketli topragyň jomartlygynyň, babadaýhanlaryň edermenliginiň netijesinde ekin meýdanlarynda bol hasyl ösdürilip ýetişdirilýär. Daşary ýurtlardan satyn alynýan döwrebap, ähli amatlyklary özünde jemleýän oba hojalyk tehnikalary edermen daýhanlaryň hakyky daýanjyna öwrülýär. Ene ýerimizde bitýän ekinleriň bolçulygy bolsa her bir maşgalanyň saçagynyň berekedini artdyrýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, dökün we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna ýeňillikli karzlaryň berilmegi, ýygnalan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi toprak bilen bagry badaşan ildeşlerimiziň höwesini has-da artdyrýar.
Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerimizde täze obadyr şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.
Obasenagat toplumyny ösdürmekde hususyýetçi daýhanlaryň paýyna hem möhüm wezipeler düşýär. Däneçiligi, gök ekerançylygy, miweçiligi, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny yzygiderli pugtalandyrylýar.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, oba hojalyk ekinleriniň görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ýerleriň peýdalanyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak – bularyň ählisi oba hojalygyny düýpli ösdürmek barada kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegini, ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan, ýerli-mineral dökünlerden netijeli peýdalanmagy, agrotehniki çäreleri ýokary hilli berjaý etmegi üpjün edýär.
Obasenagat toplumy üçin bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda hünärmenleriň bilim derejesiniň kämil bolmagyna, olaryň ylmy iş alyp barmagyna, ýerleriň melioratiw ýagdaýyndan baş çykarmagyna hem-de ekerançylykda ekin dolanyşygyny amala aşyrmagyň ýollaryny bilmeklerine üns berilýär. Bu ugurdaky öňdebaryjy bilim edaralary hökmünde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini hem-de Türkmen oba hojalyk institutyny görkezmek bolýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işini sazlaşykly alyp barmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-barlag önümçilik institutlarynda ekerançylykdan bol hasyl almagyň, maldarçylygyň ähli görkezijiler boýunça ösdürilmeginiň, iň esasy bolsa, gök-bakja, maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginiň ähli ugurlary mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenilmelidir we ösdürilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bellemek bilen, ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini belledi.
Umuman, oba hojalygynyň ösüşiň täze derejelerine çykmagy üçin edilýän şeýle işler daýhanlaryň işiniň ilerlemegine, olara bol hasyl ýetişdirmäge, köp girdeji gazanmaga uly itergi berýär. Sahawatly topraga bagry badaşan daýhanlar ýokary netije gazanyp, Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar.
Ahmetnur NURMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy.