Ekwadoryň täze Prezidenti Daniel Noboa ýurduň milli parlamentinde kasam edip, gysga möhletde ýurdy ösdürmäge, garyplygy azaltmaga we jenaýatçylyga garşy göreşmäge tagala etjekdigini söz berdi.

-Men ekwadorlylaryň durmuşyny gowulaşdyrmak üçin duýgudaşlyk bilen tagalla edýän erkin we pragmatiki adam – diýip, D. Noboa Ekwadoryň Milli mejlisine ýygnanan halkara wekilleriniň öňünde aýtdy.

Kasam kabul edenden soň eden gysga çykyşynda D. Noboa ýurduň bähbidi üçin prezidentlige dalaş etmek kararyna gelendigini aýtdy. Prezident halky milli jebislige, syýasy ýolbaşçylary bolsa, Ekwadoryň esasy meselelerini çözmäge çagyrdy.

Öňki kanun çykaryjy we banan eksport edýän magnatyň 35 ýaşly ogly D. Noboa ýurduň taryhynda iň ýaş Prezidentdir. Ekwadorda möhletinden öň geçirilen Prezident saýlawlarynda “Milli demokratik hereketine” wekilçilik edýän Daniel Noboa 52,29% ses bilen ýeňiş gazandy. Ekwadorda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry oktýabr aýynda geçirildi.

Ekwador Günorta Amerikanyň demirgazyk-günbataryndaky ýurt. Günbatarda Ekwador Ýuwaş ummany bilen ýuwulýar, demirgazykda Kolumbiýa, gündogarda we günortada – Peru bilen serhetleşýär. Ekwadoryň düzümine Galapagos adalary girýär.