Sent-Jon şäherinde geçirilen sammitde Kanadanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary Ýaşyl bileleşigiň döredilendigini mälim etdiler. Ylalaşyk howanyň üýtgemegine garşy göreş, daşky gurşawy we ummanlary goramak we planetanyň biodürlüligini goramak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bu kararyň Ýewropa Bileleşigi bilen Kanadanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýandygyny, şeýle hem 2050-nji ýyla çenli howanyň bitarap bolmagy baradaky umumy maksadyna ýetmäge kömek edýändigini aýtdy.