Ýewropa Bileleşiginde dünýäniň ilkinji “wodorod banky” işe giriziler. Bu maksat üçin 800 million ýewro bölünip berler. Şeýlelikde, Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär. Bu onýyllygyň ahyrynda, blog 10 million tonna täzelenip bilýän wodorod öndürmegi we şol mukdarda import etmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem degişli infrastrukturany döredip, maýa goýumlaryny çekerler. Ispaniýa we Fransiýa wodorod turbageçirijisiniň gurluşygy boýunça eýýäm iş alyp barýarlar.