1-nji de­kabr­da Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­syn­da meş­hur kom­po­zi­tor Aram Ha­ça­tur­ýa­nyň 120 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li kon­sert ge­çi­ri­ler. Şol gün sa­gat 18:30-da kon­ser­wa­to­ri­ýa­nyň uly za­lyn­da «Ha­ça­tur­ýa­nyň reňk­li dün­ýä­si» at­ly aý­dym-saz ag­şa­my bo­lar.
Aram Ha­ça­tur­ýan ze­hin­li kom­po­zi­tor bo­lup, onuň eser­le­ri XX asy­ryň aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň nus­ga­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gi­ri­zi­len­dir. Kom­po­zi­to­ryň eser­le­ri dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de, iň oňat teatr sah­na­la­ryn­da, kon­sert meý­dan­ça­la­ryn­da, iň çet ýer­ler­de hem aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Ha­ça­tur­ýa­nyň saz­la­ry şu gün­ler hem ra­dio, te­le­wi­de­ni­ýe we ki­no sun­ga­tyn­da giň­den ula­nyl­ýar. ÝU­NES­KO Ha­ça­tur­ýa­nyň ady­ny XX asy­ryň iň meş­hur kom­po­zi­tor­la­ry­nyň ara­syn­da ýer­leş­dir­di we bi­ziň döw­rü­mi­ziň iň meş­hur eser­le­ri­niň sa­na­wyn­da «Ga­ýa­ne» ba­le­tin­den «Sabr tan­sy­ny» bi­rin­ji ýer­de goý­dy.
1-nji de­kabr­da ge­çi­ril­jek ýu­bi­leý kon­ser­tin­de Aram Ha­ça­tur­ýa­nyň iň meş­hur eser­le­ri: inst­ru­men­tal we ba­let­ler­den bö­lek­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. Sah­na­da Kon­ser­wa­to­ri­ýa­nyň ta­lyp­la­ry we mu­gal­lym­la­ry çy­kyş eder­ler. Çä­rä gi­riş tö­leg­siz­dir.