Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda 2017-nji ýyldan bäri Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk edip gelýän Mateuş Moraweskiýni ýurduň Premýer-ministr wezipesine belläp, oňa täze hökümet gurmak hukugyny berdi. Ýurduň habar beriş serişdeleri şu gün Mateuş Moraweskiýniň hökümetiniň kasam etjekdigini habar berýär.
Anjeý Duda Ministrler Kabinetiniň üstünlikli döredilmegine umyt edýändigini aýtdy. Polşanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Moraweskiý dolandyryjy koalisiýany döretmegiň hötdesinden geler.
Hut şonuň üçin hem Prezident bu işi häzirki Premýer-ministre tabşyrdy diýip gazet ýazýar.
-Men ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn, meniň çuňňur ynanjyma görä, bu Polşa üçin iň gowy sekiz ýyl boldy. Men näme üçin bu iň gowy sekiz ýyl diýýärin? Biziň halkyň öňünde öz üstümize alan borçlarymyzyň köpüsi ýerine ýetirildi. Şoňa görä, bize ýene-de has gowy günler garaşýar – diýip, Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda belledi.
Konstitusiýa laýyklykda, Moraweskiý 14 günüň içinde hökümet gurmaly.
15-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň dolandyryjy “Kanun we adalat” partiýasy Seýmde orunlaryň has köpüsine eýe boldy (194). Ýöne parlamentiň orunlaryň köpüsi bäsdeş güýçlere degişlidir: “Raýat koalisiýasy” birleşigi (157 orun), “Üçünji ýol” hereketi (65 orun), “Çep” partiýasy (26 orun) we “Konfederasiýa” partiýasy (18 orun). Parlamentde köplüge eýe bolan bäsdeş partiýalar, Premýer-ministr wezipesine dalaşgär Moraweskiýä we onuň ministrlerine ynam bildirmezlik sesini bermek mümkinçiligine hem eýe.
“Kanun we adalat” partiýasynyň Seýmde ýaran tapmak synanyşyklary şu wagta çenli şowsuz boldy.