Ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len duş ge­l­ýän ha­dy­sa­la­ryň bi­ri hem gar­ga sü­rü­le­ri­niň uçup gel­me­gi­dir. Dün­ýä­niň iň akyl­ly gu­şy ha­sap­lan­ýan gar­ga­lar, eý­sem, ni­re­den ge­lip, ni­rä bar­ýar­lar?

Gar­ga­lar akyl­ly­ly­gy, çalt uý­gun­laş­ma­gy we şar ga­ra reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. So­wuk ho­wa­ny go­wy gör­ýän bu guş­lar dün­ýä­niň äh­li se­bi­tin­de duş gel­ýär. Gar­ga­lar ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len bö­lek-bö­lek to­par gu­rap, so­wuk ýurt­la­ra ta­rap uçup gid­ýär­ler. Kä­bir to­par­lar bol­sa öz me­ka­nyn­da he­mi­şe­lik ýa­şa­ýar. Beý­le­ki guş­la­r gyş pas­ly­ny ge­çir­mek üçin ýy­ly ýurt­la­ra uçup gid­ýän­ bolsa, gar­ga­lar mu­nuň ter­si­ne. Gy­zyk­ly ta­ra­py hem bu guş­lar kö­pel­mek üçin so­wuk ýer­le­re gid­ýär­ler. Gar­ga­la­ryň sy­ýa­ha­ty ho­wa­nyň so­wuk­ly­gy­na bag­ly bo­lup, uzak do­wam et­me­ýär. Ýer ýü­zün­de gar­ga­la­ryň ame­ri­kan gar­ga­sy, flo­res gar­ga­sy, kä­şir­çi gar­ga, ba­lyk­çy gar­ga, ala­gar­ga ýa­ly 40 tö­we­re­gi gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Gar­ga­laryň äh­li gör­nüşi gö­çüp-go­nup bil­me­ýär. Esa­san hem, Af­ri­ka­da we Azi­ýa­da duş gel­ýän gar­ga­lar öýü­ni taş­lap git­me­ýär­ler. Ame­ri­kan gar­ga­sy we ýew­ro­pa­ly ala­gar­ga äh­li ýur­dy aý­lan­ýan esa­sy «sy­ýa­hat­çy­lar» ha­sap­lan­ýar. Gar­ga­lar gyş­la­mak üçin ýer saý­la­ma­ýar­lar. Sü­ri-sü­ri bo­lup uçup ba­ryş­la­ry­na haý­sy ýer so­wuk, ni­re­de gar bol­sa, şol ýer­de hem düş­le­ýär­ler. Ho­wa maý­lap baş­lan­soň, so­wuk ül­ke­le­re ta­rap ýo­lu­ny do­wam ed­ýär­ler. Ame­ri­ka­dan ýa-da Ýew­ro­pa­dan gaý­dan gar­ga­lar so­wuk ýurt­la­ra bir ýyl­lap «sy­ýa­hat edip», ýe­ne-de öz ýur­du­na dolanyp bar­ýar­lar. Bu guş­laryň ýat­keş­li­gi güýçli bolup, gyş­la­ýan ýe­ri­ni, gö­çüp-go­nan se­bit­le­ri­ni he­mi­şe­lik ýat­da sak­la­ýar­lar. Gar­ga­la­ryň azaş­mak how­py ýok­du­gy se­bäp­li, ýe­ke­lik­de hem uçup gi­di­ber­ýär­ler.
Gar­ga­lar üşe­me­ýär­mi?
Gar­ga­lar so­wuk­dan go­ran­mak üçin dür­li usul­la­ry ulan­ýar­lar. Esa­san hem, aň­zak­ly gi­je­ler­de bu guş­lar agaç­la­ryň şa­ha­la­ryn­da ha­tar bo­lup, dy­ky­ly­şyp ýat­ýar­lar. Bu ýag­daý gar­ga­la­ryň ýy­ly­ly­gy sak­la­ma­gy­na kö­mek ed­ýär. Gar­ga­la­ryň ag­ra­my­nyň 10 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny ýag gat­la­gy eme­le ge­tir­ýär. Ýag gat­la­gy aşa so­wu­gy sak­lap, gyz­gyn­ly­gy üp­jün ed­ýär.

Gar­ga­lar so­wuk­da nä­me iý­ýärler?
Iý­mit­len­mek üçin dür­li usul­la­ry ulan­ýan gar­ga­lar gyş­ky ekin­le­re (kä­şir, ke­lem, turp) zy­ýan berip bi­ler. Ýö­ne bu guş­lar, esa­san, mör-mö­jek­le­ri iýip, zy­ýan be­ri­ji­le­riň kö­pel­me­gi­niň öňü­ni al­ýar­lar. Kä­bir so­wuk ýurt­lar­da zi­bil­le­ri aras­sa­la­mak­da gar­ga­la­ryň peýdasy uly.
Gar­ga­lar maş­ga­la bo­lup ýa­şa­ýar­lar. Agaç­la­ryň bar­ma­sy kyn ýe­rin­de hö­würt­ge gu­rup, 4-5 ýu­murt­ga goý­ýar­lar. Ek­leý­ji gar­ga­lar jüý­je­le­ri­ni 60 gü­ne çen­li iý­mit­len­dir­ýär­ler. Gar­ga­lar te­bi­gy gur­şa­wa bag­ly­lyk­da 20 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar­lar. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, gar­ga­lar ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň ha­ta­ryna gir­me­ýär. Gar­ga­la­ra dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de duş gel­mek bol­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan Ga­waý gar­ga­sy­nyň ýi­tip gi­den­di­gi, flo­res gar­ga­sy­nyň sa­ny­nyň azal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär.