46 ýaşly irland ýazyjysy Pol Linç özüniň 5-nji romany “Pygamber aýdymy” (“Prophet Song”) üçin 2023-nji ýylyň edebiýat boýunça Buker baýragyna eýe boldy. Bu barada baýragyň web sahypasynda mälim edildi.
Pol Linç 1977-nji ýylda Irlandiýanyň Limerik şäherinde doguldy we häzirki wagtda Dublinde ýaşaýar. Ol çeper edebiýat bilen meşgullanyp başlamazdan ozal, “The Sunday Tribune” gazetinde baş redaktoryň orunbasary we baş kino tankytçysy bolup işledi.
Onuň ilkinji eseri bolan “Irden gyzyl asman” (“Red Sky in Morning”) romanyny çap etmek üçin Londonyň alty neşirýaty özara bäsleşdi. Şeýle hem bu kitap ABŞ-da we Fransiýada ykrar edilip, fransuz “Prix du Meilleur Livre Etranger” (“Iň gowy daşary ýurt kitaby”) baýragynyň ýeňijisi boldy. “Pygamberiň aýdymy” antiutopiýa romanydyr. Baş gahryman alym Aýliş Stek maşgalasyny halas etmäge synanyşýan dört çaganyň enesi.
“Bu, duýguly hekaýatyň batyrgaý ýeňşi. “Pygamberiň aýdymy” häzirki jemgyýetçilik we syýasy aladalary beýan edýär” diýlip, baýragyň web sahypasynda eser hakda bellenilýär. Ýazyjynyň özi, romanynyň bosgunlar meselesine täsir edendigini aýtdy.
Buker baýragynyň uzyn sanawyna giren 13 roman, soňra gysga sanawa giren 6 roman, Beýik Britaniýada we Irlandiýadfa 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda bäri neşir edilen 163 eseriň içinden saýlanyp alyndy.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynda baýragyň ýeňijisi Şri-Lankaly ýazyjy Şehan Karunatilaka boldy. Ol “Maali Almeýdanyň ýedi aýy” (“The Seven Moons of Maali Almeida”) romany üçin bu baýraga mynasyp boldy.