Şu gün, 28-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda “Agro-Pak Türkmenistan – 2023” atly halkara sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz halkara sergi mynasybetli iberen Gutlagynda halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryndygyny aýdyp, “Bu giň möçberli serginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge, birnäçe taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we geljekki meýiller barada pikir alyşmaga giň mümkinçilikler dörediler” diýip belleýär.
Gözden geçirilişe azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kompaniýalar gatnaşýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama serişdelerini, bagçylyk, guşçulyk, maldarçylyk, tohumçylyk we beýleki ugurlarda ylmyň gazananlaryny we häzirki zaman tehnologiýalaryny görkezýärler. Serginiň çäklerinde tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklary guralar.
Azyk önümlerine, gaplamalara we oba hojalygyna bagyşlanan bu halkara sergä dünýäniň onlarça ýurdundan kompaniýalar gatnaşýar. Olaryň arasynda Russiýadan, Germaniýadan, Niderlandlardan, Hytaýdan, Moldowadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Eýrandan we Özbegistandan dürli firmalar gatnaşýar. “Sofuar” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýan sergide Niderlandlaryň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlary bar. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän “Agro-Pak” sergisi mundan ozal Özbegistanda we Yrakda geçirilipdi.
Gatnaşyjy kompaniýalar azyk önümlerini öndürmek üçin enjamlary, gaplama önümlerini, azyk önümlerini we iýmit goşundylaryny, çörek önümçiligi üçin tehnologiýalary, däne saklamak we üwemek üçin enjamlary, ekinleri ýyladyşhana şertlerinde ösdürip ýetişdirmek, bagbançylyk we tokaý hojalygy, guş we maldarçylyk hojalygy üçin enjamlary, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlarda önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýärler.
Üç gün dowam edýän sergi 30-njy noýabrda tamamlanýar.