27-nji noýabrda Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermers bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda diplomatik işiniň amala aşyrylmagyna ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlar boýunça türkmen-niderlandlar gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki hyzmatdaşlygynyň belli ugurlary kesgitlenildi.
Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk barada nygtap geçdiler.
Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, senagat, oba hojalygy we suw dolandyrylyşy ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähmiýetli mümkinçilikler beýan edildi. Medeniýet we bilim ulgamlaryndaky alyş-çalyş maksatnamalaryndaky özara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.