Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da ýa­ryş­lar do­wam et­di. Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň 2-nji gü­ni hem türk­men tür­gen­le­ri üçin örän ne­ti­je­li bol­dy.
Ýary­şyň jem­leý­ji gü­nün­de türk­men tür­gen­le­ri 3 al­tyn hem-de 3 kü­müş me­da­la ga­zan­dy­lar.
Ýa­ry­şyň ikin­ji gü­nün­de ýur­du­my­zyň il­kin­ji al­tyn me­da­ly­ny 60 kg ag­ram­da çy­kyş eden We­pa Awý­la­ku­ly­ýew ga­zan­dy. Soň­ra 78 kg ag­ram­da çy­kyş eden Sa­bi­na Ka­dy­ro­wa güýç­li gar­şy­da­şy, öz­be­gis­tan­ly Fi­lu­ra Er­ga­şo­wa­ny ýe­ňip, al­tyn me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň 5-nji al­tyn me­da­ly­ny Da­ýanç Omi­row eýe­le­me­gi ba­şar­dy.

Mun­dan baş­ga-da, şu gün Sa­bi­na Aga­ja­no­wa, Şat­lyk Ju­ma­ni­ýa­zow hem-de Ja­han Mu­ham­me­do­wa kü­müş me­da­lyň eýe­le­ri bol­du­lar.
Düýn türk­men tür­gen­le­rin­den Di­na­ra Ro­zy­ku­lo­wa (63 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de) hem-de Ma­ri­ýa Lo­ho­wa (70 ki­log­ra­ma çen­li) al­tyn me­dal ga­zan­dy.
Ýur­du­my­zyň to­pa­ryn­da kü­müş me­dal­la­ra 2022-nji ýy­lyň dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň wi­se-çem­pio­ny we 2019-njy ýy­lyň dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň bü­rünç me­da­ly­nyň eýe­si Aý­şi­rin Haý­da­ro­wa, 2019-njy ýy­lyň dün­ýä çem­pio­ny we Huanç­žou­da (Hy­taý) ge­çen XIX to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň bü­rünç me­da­ly­nyň eýe­si Aý­nur Ama­no­wa hem-de San­jar Ab­dy­rah­ma­now my­na­syp bol­dy.
Bu­lar­dan baş­ga-da, Gül­şat An­na­ýe­wa, Rus­lan Es­ge­row hem-de Sa­pa Sa­pa­ýew bü­rünç me­da­lyň eýe­le­ri bol­du­lar.
Ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len hem-de 53 döw­let­den güýç­li tür­gen­le­riň gat­na­şan bu çem­pio­na­tyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da 7, ze­nan­la­ryň ara­syn­da 8 ag­ram de­re­je­sin­de me­dal­la­ryň 15 top­lu­my ug­run­da bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Aş­ga­bat­da­ky dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Öz­be­gis­tan, Ga­za­gys­tan, Wýet­nam, Do­mi­kan Res­pub­li­ka­sy al­tyn me­da­la ga­za­nan ýurt­lar bol­dy.