Owganystanyň Badahşan welaýatynda ýurdy Hytaý bilen gönüden-göni birleşdirjek Wahan geçelgesinde gurluşyk işleri başlandy. Bu barada “Ariana News” web saýty habar berdi.
“Owganystan Yslam Emirliginiň” (talyplaryň ýurda dakan ady*) wekili Zabihulla Mujahid, Badahşanda şeýle ýoluň gurulmagynyň Owganystanyň ykdysadyýetine uly täsir etjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýurduň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen möhüm çäreleri görýär we dürli üstaşyr ýollary döretmäge tagalla edýär.
-Wahan awtoulag ýolunyň Hytaý bilen serhedine çenli uzynlygy 60 kilometr. Häzirki wagtda Goranmak ministrliginiň we Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň enjamlary şol ýerde ýerleşýär we ulanylýar – diýip, Zabihulla Mujahid aýtdy.
Söwda we maýa goýum palatasynyň (ACCI) wekilleri ýurduň ýolbaşçylaryna Owganystanyň Pakistanyň üstaşyr geçelgesine bagly bolmazlygy üçin Wahan geçelgesiniň gurluşygyny gysga wagtda tamamlamagy haýyş edip ýüz tutdy.
“Biziň Hytaý bilen söwdamyz 80-den 90 göterime çenli bolanlygyna görä, Wahan geçelgesiniň gysga wagtda açylmagyny soraýarys” – diýip, ACCI-niň agzasy aýtdy.