29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Myh­man türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we Gahryman Arkadagymyza Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň hem-de Döw­let Ge­ňe­şi­niň Prem­ýe­ri Li Sýa­nyň ibe­ren sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Hy­taý­da oňyn da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny dur­mu­şa ge­çi­rip, ösüş ýo­lun­da ynam­ly öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan bi­len däp bo­lan dost­luk, hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, HHR-iň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­na hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­tiň no­bat­da­ky mej­li­si­niň we türk­men kär­deş­le­ri bi­len gep­le­şik­le­riň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni ar­zuw et­di. Döwlet Baştutanymyz dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, dür­li ul­gam­lar­da üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly hä­si­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­mak­da türk­men-hy­taý hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­ne uly orun de­giş­li­dir.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ko­mi­te­tiň al­tyn­jy mej­li­si­niň gün ter­ti­bi bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mej­li­se taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, yn­san­per­wer we yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da ki­çi ko­mi­tet­le­riň mej­lis­le­ri hem-de beý­le­ki du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Aş­ga­bat­da bol­jak gep­le­şik­ler­de hyz­mat­daş­ly­gyň giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ge­zek­ki mej­li­siň ne­ti­je­le­ri­niň türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di.
Stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry döw­let, Hö­kü­met we mi­nistr­lik­ler de­re­je­sin­de ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, par­la­ment we par­ti­ýa we­kil­le­ri­niň gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­lyk hem tä­ze ösü­şe eýe bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­le­riň uly äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, şu ýyl Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­par­la­ry­nyň do­wa­myn­da HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin bi­len ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ry­ny ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýa­kyn­da bol­sa türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Hy­taý­da sa­par­da bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Pe­kin­de «Bir gu­şak, bir ýol» üçün­ji hal­ka­ra fo­ru­my­na gat­naş­dy hem-de Hy­ta­ýyň ýol­baş­çy­la­ry, şol san­da Hy­ta­ýyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň MK-nyň Sy­ýa­sy býu­ro­sy­nyň he­mi­şe­lik ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy, HHR-iň Döw­let Ge­ňe­şi­niň Prem­ýe­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry bi­len ne­ti­je­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şol sa­par­la­ryň bar­şyn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň hä­zir­ki wagt­da mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da türk­men-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy bel­le­nil­di. Köp ýyl­lar­dan bä­ri Hy­taý Türk­me­nis­ta­nyň iň iri da­şa­ry yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy bo­lup dur­ýar. Ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Döw­le­ta­ra dia­log­da me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Köp san­ly türk­men ýaş­la­ry HHR-iň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýar­lar. Ýur­du­my­zyň bir­nä­çe or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hy­taý di­li öw­re­dil­ýär. Ýa­kyn­da Aş­ga­bat­da Hy­ta­ýyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet ýy­ly­nyň açy­ly­şy, şeý­le hem Ma­ry şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Hy­ta­ýyň ýaş­la­ry­nyň fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň anyk my­sal­la­ry­dyr. Türk­me­nis­tan bi­len HHR se­bit de­re­je­sin­de we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, oza­ly bi­len, BMG-niň çäk­le­rin­de-de oňyn hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz we Hy­ta­ýyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň MK-nyň Sy­ýa­sy býu­ro­sy­nyň he­mi­şe­lik ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy, HHR-iň Döw­let Ge­ňe­şi­niň Prem­ýe­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Din Sýues­ýan umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­jek­de hem hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň mej­li­si ge­çi­ril­di
Şol gün paý­tag­ty­myz­da iki ýur­duň de­giş­li pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-hy­taý hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň al­tyn­jy mej­li­si ge­çi­ril­di. Oňa gat­naş­mak üçin bu ko­mi­te­tiň hy­taý ta­ra­pyn­dan baş­ly­gy, Hy­ta­ýyň kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ko­mi­te­ti­niň Sy­ýa­sy býu­ro­sy­nyň he­mi­şe­lik ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy, HHR-iň Döw­let Ge­ňe­şi­niň Prem­ýe­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Din Sýues­ýa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Aş­ga­ba­da gel­di.
Ta­rap­lar yna­nyş­mak, hor­mat goý­mak we öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga, kö­pa­syr­lyk gat­na­şyk­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny be­ýan edip, köp­ta­rap­la­ýyn döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar hem-de ony gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän ugur­lar­da mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri kes­git­le­di­ler.
Iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry hök­mün­de däp bo­lan söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry gör­ke­zil­di. Türk­me­nis­tan we Hy­taý ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si­ni top­la­dy­lar. Ulag-lo­gis­ti­ka pu­da­gyn­da türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin hem uly müm­kin­çi­lik­leriň bar­dy­gy bel­le­nip ge­çil­di. Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-hy­taý hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 6-njy mej­li­si­niň jem­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li Tes­wir­na­ma, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da hal­ka­ra aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.