27-nji no­ýabr­da Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň il­çi­ha­na­sy Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pa­ra­hat­çy­ly­gy öw­re­niş we dip­lo­ma­ti­ýa ins­ti­tu­ty bi­len bi­le­lik­de Gün­do­ga­ryň nus­ga­wy şa­hy­ry we be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan “Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy we hä­zir­ki za­man­da halk­la­ryň dost­lu­gy” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty ge­çir­di.
Mas­la­hat­da çy­kyş eden Pa­kis­ta­nyň Mil­li mi­ras we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri Sa­ýed Ja­mal Şah Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý mi­ra­sy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di hem-de yns­na­per­wer ugur­da ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy­ny bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pa­kis­tan­da­ky Il­çi­si A.Möw­la­mow öz çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ri­zi­len türk­men şa­hy­ry, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi­niň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de we gi­ňelt­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­ny we şeý­le­lik bi­len hä­zir­ki yl­my-ama­ly mas­la­ha­tyň 2024-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mä­ge my­na­syp go­şant­dyr.
Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gy do­wam et­dir­mek ba­ra­da­ky umu­my is­le­gi­ni be­ýan et­di­ler.