Şu gün Dubaýda bütindünýä howa sammiti 140-dan gowrak ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda öz işine başlady. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş “France Press” habarlar gullugyna beren interwýusynda kararlaryň we hereketleriň gijikdirilip bilinmejekdigini, katastrofik global ýylylygyň öňüni almak üçin gazylyp alynýan ýangyçlaryň ulanylmagynyň bes edilmelidigini aýtdy.
-Ýeke-täk ýetmeýän zat – syýasy erk. Hut şonuň üçin hem COP möhüm çäre. Eger-de gol gowşuryp otursak, onda biz 3 dereje tarap hereketimizi dowam etdireris. Bu bolsa, maýylganlygyň artmagyna sebäp bolar – diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş belledi.
Şu hepde Antoniu Guterreş Afrika Bileleşiginiň wekilleri bilen BMG-niň her ýylky konferensiýasyna gatnaşdy. BMG-nyň Baş sekretarynyň yklym bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi:
-Biz Afrika yklymyna giň gerimli goldaw bermeli. Häzirki wagtda Gün energiýasynyň 60%-ini we Gün maýa goýumlarynyň 2%-ini Afrika düzýär. Şol sebäpli Afrika üçin global Gün bileleşigini döretmeli – diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş aýtdy.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 28-nji konferensiýasynyň başlygy hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň iň uly nebit öndürijileriniň biridir. Ýurt halkara jemgyýetçiligini gazylyp alynýan ýangyçlardan ýüz öwürmezden pes uglerodly geljegiň mümkindigine ynandyrmaga bil baglaýar.