30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda 5-nji dekabrdan başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Olarda raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.