Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ýaş­lar to­pa­ry Du­baý­da ge­çi­ri­len Daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­çü­li­giň öňün­de çy­kyş et­mek bo­ýun­ça 23-nji hal­ka­ra bäs­le­şi­gin­de (23rd In­ter Col­le­ge Environ­men­tal Pub­lic Spea­king Com­pe­ti­ti­on) Türk­me­nis­ta­na üs­tün­lik­li we­kil­çi­lik et­di.
Uni­wer­si­te­tiň Hal­ka­ra yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş fa­kul­te­ti­niň ta­lyp­la­ry Da­wut Gur­ba­na­ly­ýe­wyň, Pir­mu­ham­met Aza­do­wyň, Ma­ral Al­la­ber­di­ýe­wa­nyň, Şa­bi­bi Nur­ly­ýe­wa­nyň, Aga­ýu­sup Aşy­ro­wyň we ola­ryň ha­ly­pa­sy — Me­nej­ment ka­fed­ra­sy­nyň öw­re­ni­ji mu­gal­ly­my Aga­jan Şa­sa­pa­ro­wyň to­pa­ry «Ös­ýän ener­gi­ýa ze­rur­lyk­la­ry: gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni üp­jün et­mek ýa-da ne­bi­te ga­raş­ly­lyk» ka­te­go­ri­ýa­syn­da ikin­ji or­ny eýe­le­di. Ýi­git­le­re ýö­ri­te dip­lom gow­şu­ryl­dy di­ýip, «Neýt­ral­nyý Turk­me­nis­tan» ga­ze­tin­de ha­bar be­ril­di.
Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän Daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­çü­li­giň öňün­de çy­kyş et­mek bäs­le­şi­gi her ýyl «Emi­ra­tes environ­men­tal Group (EEG)» to­pa­ry ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýar.
Bu ge­zek­ki bäs­le­şi­ge Je­mi dün­ýä­niň 89 ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­den 500 tö­we­re­gi ta­lyp gat­naş­dy.
Bäs­le­şik to­par­la­ýyn ter­tip­de we ga­ry­şyk gör­nüş­de, «Daş­ky gur­şaw sy­ýa­sa­ty we düz­gün­leş­dir­me: olar ýe­ter­lik­mi?», «Ös­ýän ener­gi­ýa ze­rur­lyk­la­ry: gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni üp­jün et­mek ýa-da ne­bi­te ga­raş­ly­lyk», «Köp­mil­let­li kor­po­ra­si­ýa­lar: ynan­dy­ry­jy yk­dy­sa­dy ösüş ýa-da daş­ky gur­şa­wyň za­ýa­lan­ma­gy» we «Mik­rop­las­ti­ka: gö­rün­me­ýän ke­sel» at­ly mow­zuk­lar bo­ýun­ça ge­çi­ril­di.