Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Saparyň maksady 30-njy noýabr — 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşmakdan ybaratdyr.
Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary Dubaý şäheriniň Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä howa sammitiniň plenar mejlisine gatnaşmagy we çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «COP-28» maslahatynyň çäginde guraljak beýleki çärelere gatnaşar we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
Ýeri gelende bellesek, 30-njy noýabrda Dubaýda badalga alan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna dünýäniň 140-dan gowrak ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle-de 70 müňden gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, iri işewürlik düzümleriniň wekilleri, bilermenlerdir žurnalistler hem bar. Şu gün we ertir döwletleriň Liderleriniň gatnaşmagynda «COP-28» maslahatynyň ýokary derejeli mejlislerini geçirmek göz öňünde tutulýar.