Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow, şeýle-de aýdymçylar Durdy Durdyýew bilen Arslan Gulmämmedow Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler.
2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçiriljek baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň sungat ussatlary günbatar sebitiň ýaşaýjylary üçin özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler.
Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.
Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.