Şu gün Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady.
6-8-nji dekabr aralygynda geçirilýän sergide türkiýeli önüm öndürijileriň ýokary hilli eksport harytlary, şol sanda senagat pudaklary, oba hojalygy üçin niýetlenen enjamlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, elektronika önümleri, ýumşak mebelleri, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeleri, azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri we hojalyk harytlary görkezilýär.
Serginiň açylyşynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz gözden geçirilişe 100-e golaý türk kompaniýasynyň gatnaşýandygyny mälim etdi.
Sergä gatnaşyjylar, potratçy kompaniýalaryň, ugurdaş edaralaryň we hususy telekeçiligiň wekilleri bu ýerde görkezilýän önümleriň nusgalary hem-de türkiýeli önüm öndürijileriň teklipleri bilen içgin tanyşýarlar. Şeýlelikde, ähli pudaklarda, esasanam gurluşyk, mebel, oba hojalygy, dokma, energiýa, azyk we gurluşyk materiallary pudaklarynda iş alyp barýan türk kompaniýalaryna möhüm mümkinçilik garaşýar. Bu nukdaýnazardan Türkmenistan sebitdäki iň möhüm bazar hasaplanylýar.
Ýeri gelende bellesek, şu gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi hem geçirilýär.