“Time” žurnaly argentinaly Lionel Messini şu ýylyň türgeni saýlady. Şeýlelikde, ABŞ-nyň “Inter Miami” toparyna transfer edilmegi bilen bu ýurtda meşhurlygy artan futbolçy abraýly baýragyň eýesi boldy. Neşiriň degişli sandaky sahaby “Futbolyň ägirdi” ýazgysy hem-de birnäçe suraty bilen bezeldi. Ýyldyz futbolçynyň bu abraýa mynasyp görülmeginiň ýeke-täk sebäbi diňe meýdançada görkezen ussatlygy bilen çäklenmeýär. Žurnal Messiniň transfer edilmeginiň ýurtda jemgyýetçilik durmuşyna hem täsir edendigine ünsi çekip, “Inter Miami”-niň biletleriniň, Amerikan Futbol Ligasynyň (NFL) hem-de NBA-däki bahasyndan geçendigi bellenilýär. Bellenmegine görä, meşhur şahsyýetleriň köpüsi Messini görmek üçin onuň futbol toparynyň duşuşyklaryna bardy. Olaryň arasynda Serena Williams, Kim Kardaşýan we LeBron Jeýms ýaly ýyldyzlar bar.
Adatça, ortaça, 15 müň tomaşaçy barýan “Chicago Fire” topary “Inter Miami”-ni kabul edende, stadiona 62 müň janköýer barypdyr.
36 ýaşly ýyldyz ýene iki ýyl “Miami”-niň köýnekçesini geýer.