Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraply meseleler, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasynyň esasynda kabul edilen Iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi girizildi.
Mejlisde türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşygyň netijeleriniň döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigini aýratyn nygtady.
Iki döwlet üçin-de ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat we tehnologiýa, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşyjylar onuň dowamynda kabul edilen çözgütleriň iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.