“Forbes” žurnalynyň habaryna görä, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen 2023-nji ýylda dünýäniň iň täsirli zenany boldy. Žurnalyň web sahypasynda çap edilen sanawa görä, ikinji orny Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard eýeleýär, iň täsirli zenanlaryň üçlüginde ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, ondan soň Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni we amerikaly aýdymçy Teýlor Swift bar.
Sanawda ABŞ-nyň maliýe ministri Janet Ýellen 27-nji, amerikaly aktrisa we teleýaýlym alyp baryjy Opra Winfri 31-nji, amerikaly aýdymçy Beýonse 36-njy orunda gelýär. 100 ornuň sanawyna “Barbie” gurjagy hem girizilipdir.
“Forbes”-iň belleýşi ýaly, bu sanaw baýlyk, habar beriş serişdelerinde ýatlanylmagy, jemgyýetiň pikirine täsiri, täsir ediş gurşawy ýaly parametrlere esaslanýar.
Esasy Dünýä täzelikleri Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar