5-nji de­kabr­da Ka­sa­ne­de baş­la­nan ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň 18-nji ses­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­sy­nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­di­gi yg­lan edil­di. Bu ba­ra­da me­de­niyet.gov.tm ha­bar ber­ýär.
Mas­la­ha­ta gat­na­şan türk­men to­pa­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan Da­şa­ry we Do­ly Yg­ty­ýar­ly il­çi­si, ýur­du­my­zyň ÝU­NES­KO-nyň ýa­nyn­da­ky He­mi­şe­lik we­ki­li Mak­sat Ça­ry­ýew hem-de ÝU­NES­KO-nyň ýa­nyn­da­ky Mil­li to­pa­ry­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Çy­nar Rüs­te­mo­wa we­kil­çi­lik et­di.
Il­çi bu ýer­de eden çy­ky­şyn­da gö­zel­li­gi, güý­ji we çy­dam­ly­ly­gy bi­len meş­hur bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň asyr­la­ryň geç­me­gi bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi di­ňe bir at to­hu­my bol­man, eý­sem, geç­mi­şi­mi­ziň, şu gü­nü­mi­ziň we gel­je­gi­mi­ziň bi­te­wi­li­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan ru­hy güý­ji özün­de jem­le­ýär.
«Ahal­te­ke at­çy­ly­gy bi­len bag­ly däp-des­sur­lar, şeý­le hem türk­men be­dew­le­ri­niň be­ze­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan çyl­şy­rym­ly çe­per­çi­lik önüm­le­ri bi­ziň ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­myz bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şy­gy eme­le ge­tir­ýär» — di­ýip, il­çi bel­le­di.
Ýur­du­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň to­hum aras­sa­ly­gy­nyň sak­lan­ma­gy­na döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ahal­te­ke at­la­ry­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň or­nu­nyň diý­seň ulu­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris.
«Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da mil­li at­çy­lyk pu­da­gy gör­lüp-eşi­dil­me­dik be­lent­lik­le­re çyk­dy. Bu ul­ga­myň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek, at­çy­lyk spor­tu­ny wa­gyz et­mek we mil­li at mün­mek däp­le­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny go­ra­mak ug­run­da gi­ňiş­le­ýin çä­re­ler gö­rül­di» — di­ýip, il­çi sö­zü­niň üs­tü­ni ýe­tir­di.
Il­çi çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da türk­men ta­ra­py­nyň «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­sy­nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­di­gi üçin Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we hö­kü­me­ti­niň adyn­dan ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.
ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň 18-nji ses­si­ýa­sy 9-njy de­kab­ra çen­li do­wam eder.