7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan pikir-alyşmalar gurnaldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ýokary depginini belläp, iki döwletiň işewürler jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar.