5-9-njy de­kabr ara­ly­gyn­da Bots­wa­na Res­pub­li­ka­sy­nyň Ka­sa­ne şä­he­rin­de ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 18-nji mej­li­si ge­çi­ril­ýär.
Onuň işi­ne ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry­nyň Jo­gap­kär sek­re­ta­ry Ç.Rüs­te­mo­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti gat­naş­dy.
5-nji de­kabr­da çä­rä­niň do­wa­myn­da gi­ňiş­le­ýin yla­la­şy­ga esas­la­nyp, ses ber­mez­den ýo­kar­da ag­za­lan Ko­mi­tet bi­ra­gyz­dan Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» hö­dür­na­ma­sy­ny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek çöz­gü­di­ni ka­bul et­di.
Ka­rar ka­bul edi­len­den soň, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Ko­mi­te­tiň we­kil­le­ri­ne we we­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň hö­dür­na­ma­sy­ny gol­dan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di we Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri ba­ra­da çy­kyş et­di. Bu çy­kyş Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň ba­ha be­riş to­pa­ry ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­lan­dy.