Russiýa Federasiýasynyň hökümeti agyr we göwrümi uly bolan ulaglaryň ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň şertlerini ýeňilleşdirdi. Hökümetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu işi optimizirlemegiň hasabyna şeýle resminamalary bermegiň möhleti üç sagada çenli azaldylar. Üýtgeşmeler 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan güýje girer. Hökümetiň karary bilen tassyklanan agyr we uly ulaglaryň hereket etmeginiň düzgünleri, ýol eýeleri tarapyndan ýörite rugsatnama bermek üçin ulgama giren ýollardaky maglumatlara esaslanyp, agyr ulaglaryň ugruny awtomatiki kesgitlemäge geçmegi teklip edýär. Şeýlelikde, ýörite rugsat almak üçin anketa tabşyrylanda ulgamyň özi ýoluň mümkinçiliklerini döreder we daşaýjynyň saýlamagyny teklip eder. Ol ýollara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin tölenmeli tölegi hem awtomatiki usulda hasaplar. Döwlet ýol gözegçilik gullugy ulagyň ugruny utgaşdyrmakdan aýrylýar. Bularyň hemmesi ýörite rugsatlaryň berilmegini ep-esli çaltlaşdyrar. Häzirki wagtda bu işiň dowamlylygynyň 7—9 güne barabardygyny ýatladýarys.
Täze düzgün 2023-nji ýylyň aprelinde kabul edilen Federal kanuny durmuşa geçirmek üçin tassyklandy. Bu resminama uly ulaglaryň ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary almak bilen baglanyşykly kadalary düzgünleşdirýär. Munuň özi indi ýörite ulgamyň kömegi bilen elektron görnüşde berler.
Şeýle hem bu kanun ýol eýeleriniň awtoulag ýollarynyň tehniki aýratynlyklary, ulagyň rugsat berilýän iň ýokary agram ölçegleri, awtoulag ýollarynda wagtlaýyn çäklendirmeleriň girizilmegi ýa-da hereketiň togtadylmagy barada iň soňky maglumatlary kesgitleýär. (awtoulag.gov.tm).