Ýewropada syýahatçylyk pudagynda öňdäki orunlary eýeleýän ýurtlaryň biri hem Belgiýadyr. Ýewropanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bu ýurt demirgazykda Niderlandlar, gündogarda Germaniýa, günorta-gündogarda Lýuksemburg, günorta-günbatarda Fransiýa bilen serhetleşýär. Ýurduň demirgazyk-günbataryny bolsa Demirgazyk deňzi ýuwýar. Meýdany 30 müň 689 inedördül kilometre barabar bolan ýurtda 11,5 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Gazetimiziň şu sanynda birnäçe taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän, aýdym-saz festiwallarynyň ýurdy hasaplanýan Belgiýa baradaky gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Belgiýada 3 dilde gepleşilýär. Belgiýaly ýaşaýjylar niderland, fransuz we nemes dillerinde gepleşýärler. Ýurduň günbatar bölegi niderland, gündogar bölegi fransuz, Germaniýa bilen serhetleşýän bölegi nemes dilinde düşünişýär. Paýtagt şäher Brýusseliň ýurduň çatrygynda ýerleşýändigi sebäpli, şäherde 3 dil hem ulanylýar. Resmi taýdan 3 dilli ýurda gelýän syýahatçylarda ýaşaýjylar bilen düşünişmek kynçylygy ýüze çykmaýar. Ýurduň sebit mekdeplerinde resmi diller hem çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Şeýlelikde, çagalar 14 ýaşyna çenli 3 dilde hem suwara gepläp bilýärler.
Uzyn boýly erkekleriň ýurdy. Dünýädäki iň uzyn boýly erkekleriň Niderlandlarda ýaşaýandygy barada bilýän bolsaňyz gerek. Bu ugurda 2-nji orun Belgiýa degişli. Deňeşdirmek üçin, niderland erkekleriniň ortaça boýy 182,5 santimetr, belgiýaly erkekleriň ortaça boýy 181,7 santimetr.
Iň gowy aýdym-saz festiwallarynyň mekany. «Rock Werchter», «Techno», «Boombal», «Dour» festiwallary Belgiýanyň meşhur aýdym-saz şüweleňidir. Aýdym-saz festiwallaryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaşlar gatnaşýar. Bu festiwallardan başga-da, ýurtda güllere bagyşlanan Çigildem festiwaly hem geçirilýär. Belgiýada her ýyl guralýan göçme Täze ýyl bazarlary Ýewropanyň iň gowy baýramçylyk bazarlary hasaplanýar.
Belgiýada şäher atlary islendik wagtda üýtgäp biler. Munuň sebäbi ýurtda
3 dürli sebitiň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Walloniýa, flaman we german sebitleri şäherleri öz dilinde aýdýarlar. Mysal üçin, Brýussel şäherini Brugge (niderland), Brügge (nemes) we Bruges (fransuz) görnüşinde atlandyrýarlar.
Belgiýa ÝUNESKO-nyň goragynda. Belgiýada ÝUNESKO-nyň hasaba alan 17 mirasy bar. Olardan iň meşhury Brýuges şäheridir. Şäher tutuşlygyna diýen ýaly ÝUNESKO-nyň goragynda. Bu şäherde jaý edinmek isleýän adamlara berk düşündiriş işleri geçirilýär. Ýagny şäheriň gurluşygyny üýtgetmek, başga bir zatlar gurmak, hatda şäheriň diwarlaryna ýekeje çüý kakmak hem bolmaýar. Brýugesde ulanylýan düzgünler Belgiýanyň beýleki şäherlerinde duş gelmeýär.
Wafli, kartoşka we şokolad meşhur iýmitler. Belgiýa Şweýsariýa we Germaniýa ýaly şokoladlaryň ýurdy hasaplanýar. Ýurtda şokoladyň dürli görnüşini, şokoladly tagamlary dadyp görmek bolýar. Waflini halaýanlar üçin Belgiýada şerbet goşulyp, ýukajyk hamyrdan wafliniň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Kartoşka barada aýdylanda, esasan hem, ýurduň Fransiýa bilen serhetleşýän sebitinde 10 dürli kartoşka ösdürilip ýetişdirilýär. Kartoşka gowurmasy ýurduň meşhur tagamlarynyň biridir.
Welosiped ulanmak ýörgünli. Belgiýada jemgyýetçilik ulaglary gaty ýygy bolup, ýurduň Antwerp sebitinde 68 kilometrlik tramwaý liniýasy bar. Tramwaýdan düşmän ýurdy 5 ýewro bilen syýahat edip bolýar. Belgiýanyň ýer gurluşynyň beýikli-pesli bolandygy sebäpli, welosiped ulanmak has amatly. Tebigy we ykdysady taýdan amatly bolan welosipedler goňşy ýurtdan (Niderlandlar) getirilýär.