Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýene bir guwançly baýramçylygy — Halkara Bitaraplyk güni barha golaýlap gelýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy barha beýgelýär.
Ýurdumyz dünýäniň ençeme döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, halkara guramalarynyň birnäçesiniň agzasy boldy. Munuň özi ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine öwrülen hoşmeýilli gatnaşyklaryň dowam edip gelýändigini subut edýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry. Bu sene Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna, şeýle hem dünýäniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan iň bir möhüm seneleriň biridir. Çünki, uly üstünliklere beslenýän her bir ýylymyzyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy giňden bellenilýär. Nesip bolsa, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň toýy halkara derejesinde uly dabara bilen belleniler.
Watanymyz indi 28 ýyla golaý wagt bäri halkara gatnaşyklarynda döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisinde ykrar edilen hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýerýär. Garaşsyz döwletimiziň baky Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde kabul edilen resminamalarynda kesgitlenilişi ýaly, özüniň hakyky manysynda sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gulluk edýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmeginiň tutuş Ýer ýüzünde örän ähmiýetli waka öwrüldi.
Hemişelik Bitarap Diýarymyza söýgi-buýsanjymyz egsilmeýär. Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň miwelerini gündelik durmuşymyzda görýäris. Parahat, agzybir halkymyzyň, durnukly we çalt depginler bilen ösýän döwletimiziň bitaraplyk ýörelgesi ygtybarly, geljegi bolsa has-da nuranadyr.
Bitaraplyk ýörelgelerini äleme ýaýyp, umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän asylly başlangyçlara badalga berýän we halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Enegül BALLYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.