8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,6 göterim artdy. Şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim köpeldi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 96 göterim boldy.
2023-nji ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,8 göterim, çykdajy bölegi 98 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Geçen on bir aýda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 52-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 491,1 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet býujetiniň girdejileriniň möçberini artdyrmaga we maýa goýumlary has köp çekmek boýunça zerur işleri geçirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, medeni-durmuş, senagat, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk we dynç alyş merkezlerini, beýleki ençeme desgalary görkezmek bolar. Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Önümçilik pudaklarynda öňdebaryjy usullar, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, indi ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny belledi. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, Täze—2024-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmak zerurdyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, ýakynda ýurdumyza ýene-de bir hoş habaryň gelip gowşandygyna ünsi çekdi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz gelip gowşan ýene-de bir hoş habara ünsi çekdi. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024—2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy. Munuň özi Watanymyzyň her bir raýatyny abadan, bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Şeýle hem bu her bir güni ösüşlere beslenýän Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ynsanperwer ugurly durmuş syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygynyň ýene-de bir nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyz geljekde-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar, asuda durmuşyny üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, watandaşlarymyzy bu waka bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.