10-njy de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­le­re hem-de “Dia­log-pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty­na gat­naş­mak üçin Aş­ga­bat şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry bi­len ge­len Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bit bo­ýun­ça we­kil­çi­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy Bil­ýa­na Mi­lo­şe­wiç bi­len du­şuş­dy.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ýo­la go­ýu­lan hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we Türk­me­nis­ta­nyň hö­kü­me­ti bi­len Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň ara­syn­da 2024-nji ýyl­da bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­riň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şeý­le-de, hä­zir­ki dö­wür­de Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň se­bit­de, şol san­da, Türk­me­nis­tan­da alyp bar­ýan işi­niň ne­ti­je­le­ri­ne syn be­ril­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ta­rap­lar hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy bo­ýun­ça Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň mil­li hyz­mat­daş­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ber­kit­mek we ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ba­tyn­da çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň wa­jyp­ly­gy­ny bel­le­di­ler. Gu­ra­ma­nyň ýaş­la­ra gö­nük­di­ri­len iş­jeň­li­gi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di.
R. Me­re­dow gu­ra­ma­nyň se­bit ýol­baş­çy­sy­na Ko­mi­te­tiň ýur­du­myz­da Hal­ka­ra yn­san­per­wer­lik hu­ku­gy­ny ös­dür­mek­li­ge, dür­li ra­ýat­lar to­par­la­ry­nyň ara­syn­da de­giş­li bi­lim­le­riň ýaý­ra­dyl­ma­gy­na we yn­san­per­wer­lik hu­ku­gy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­niň mil­li ka­nun­çy­ly­ga or­naş­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len iş­le­ri üçin ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di.