Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň Seýs­mi­ki ýag­da­ýa dur­nuk­ly gur­lu­şyk yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze eda­ra bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.
Tä­ze yl­my eda­ra paý­tag­tyň Bek­re­we kö­çe­si­niň ug­run­da bi­na edil­di. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne de­giş­li bo­lan «Kä­mil yma­rat» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan bi­na edi­len Seýs­mi­ki ýag­da­ýa dur­nuk­ly gur­lu­şyk yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň umu­my meý­da­ny 1,5 gek­ta­ra deň­dir.
Top­lu­myň çä­gin­de hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän 4 gat­ly eda­ra bi­na­sy, şeý­le hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bar­lag­ha­na bö­lü­mi he­re­ket ed­ýär. Onuň eda­ra bi­na­syn­da mag­lu­mat ota­gy, ki­tap­ha­na, mu­zeý, mej­lis­ler za­ly we iş otag­la­ry ýer­leş­ýär. Top­lu­myň bar­lag­ha­na­la­ry yl­my iş­gär­le­riň gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ryň we des­ga­la­ryň kuw­wa­ty­ny, yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny, dur­nuk­ly­ly­gy­ny we beý­le­ki hä­si­ýet­le­ri­ni bar­la­mak­la­ry üçin äh­li ze­rur en­jam­lar we gu­ral­lar bi­len üp­jün edi­len­dir diý­lip, ha­bar­da bel­le­nil­ýär.
Tä­ze yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­da Seýs­mi­ki ýag­da­ýa dur­nuk­ly gur­lu­şyk yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri yl­my esas­da ama­la aşyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün et­jek­di­gi ba­ra­da nyg­tal­dy.