2023-nji ýy­lyň ne­ti­je­le­ri esa­syn­da ýa­kyn­da ne­şir edi­len «UI Green­Met­ric» dün­ýä uni­wer­si­te­ti­niň reý­tin­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň se­ki­zi­si gir­di. Bu ba­ra­da «Türk­me­nis­tan: Al­tyn asyr» saý­tyn­da ha­bar be­ril­di.
UI Green­Met­ric World Univer­si­ty Ran­kings – uni­wer­si­tet­le­riň eko­lo­gi­ýa dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, şeý­le hem daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ul­ga­myn­da dur­nuk­ly ösü­şe ýar­dam et­mek ba­ra­da is­le­gi­niň ýyl­lyk gör­ke­zi­ji­si­dir. Hu­su­san-da, dün­ýä uni­wer­si­tet­le­ri­ne al­ty gör­ke­zi­ji, ýag­ny uni­wer­si­tet dü­züm­le­ri we onuň eko­lo­gi­ýa tä­si­ri, ener­gi­ýa sarp edi­li­şi­niň we onuň tyg­şyt­la­ny­ly­şy­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri, ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek, eko­lo­gi­ýa ba­bat­da bi­lim ber­mek we bu ugur­da yl­my bar­lag­lar, suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak, ulag sy­ýa­sa­ty ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ba­ha be­ril­ýär.
Ha­bar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti öňe saý­lan­dy, ol ge­çen ýyl­da­ky­dan 205 de­re­je öňe gi­dip, 432-nji or­na geç­di. Uni­wer­si­tet je­mi 6660 utuk top­lap, dün­ýä uni­wer­si­tet­le­ri­ne ba­ha ber­me­giň äh­li öl­çeg­le­ri ba­bat­da go­wy ne­ti­je­le­ri gör­kez­di.
Gör­ke­zi­jä tä­ze go­şu­lan S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti hem işi­niň ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­dy, ol 456-njy or­ny eýe­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­den sä­hel yza gal­ýar.
Şu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bä­şi­si­niň: S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň we Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň il­kin­ji ge­zek gör­ke­zi­jä gi­ren­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň üçü­si – Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti we Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty bu gör­ke­zi­jä oza­lam gat­naş­ýar­lar.
Gör­ke­zi­ji­ni In­do­ne­zi­ýa uni­wer­si­te­ti 2010-njy ýyl­dan bä­ri düz­ýär. Bi­rin­ji gör­ke­zi­jä 96 uni­wer­si­tet gat­naş­dy, in­di onuň dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri oňa gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny en­çe­me es­se art­dy. Şu ýyl «UI Green­Met­ric» gör­ke­zi­ji­si­ne 85 ýurt­dan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň 1183-si go­şul­dy.
Gör­ke­zi­jä gat­naş­mak üçin uni­wer­si­tet­le­riň her ýyl ber­ýän de­giş­li mag­lu­mat­la­ry­ny ga­raş­syz hal­ka­ra hü­när­men­le­ri, alym­lar bar­la­ýar­lar we der­ňe­ýär­ler. Mag­lu­mat­la­ra ba­ha ber­mek we utuk­lar esa­syn­da uni­wer­si­tet­le­riň eýe­län or­ny äh­lu­mu­my sa­naw­da be­ýan edil­ýär. Jem­leý­ji ne­ti­je­ler de­kabr aýyn­da çap edil­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty 2021-nji ýyl­da «UI Green­Met­ric» gör­ke­zi­ji­si­ne il­kin­ji bo­lup gir­di. Soň­ra, 2022-nji ýyl­da sa­naw­da türk­men ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň iki­si – Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti we Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty bu sa­na­wa go­şul­dy.
Bu ýyl bol­sa dün­ýä sa­na­wyn­da­ky ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň sa­ny se­ki­ze ýet­di. Bu ýag­daý ýo­ka­ry okuw mek­dep­ler­de-de, döw­let de­re­je­sin­de-de eko­lo­gi­ýa, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, bu ugur­da yl­my we bi­li­mi ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ça­lyş­ýar we dur­muş, yk­dy­sa­dy we eko­lo­gi­ýa taý­dan tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça dur­nuk­ly ösü­şe gö­nük­di­ri­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak hem-de te­bi­gy se­riş­de­ler­den tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak ba­bat­da hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň we kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ne gat­naş­ýar diý­lip, ha­bar­da bel­le­nil­ýär.