Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ençeme ýyldan bäri her ýylda köpçülikleýin agaç nahallarynyň ekilmegine badalga berilýär. Idegi ýetirilen nahallaryň boý almagy bilen ýurdumyzda tokaý zolaklary barha köpelýär, tebigatymyz gözelleşýär, howamyz tämizlenýär.
Golaýda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri “Bag-berekediň, eşretli durmuşyň özenidir” ady bilen okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyna “Demirýollar” AGPJ-niň №26-njy şahamçasynyň işgärleri, hünärmenleri, tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni Sähra Saýdalyýewa öz taýýarlanan gerbarileriň, foto suratlaryň şeýle-de görkezme esbaplaryň üsti bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirdi. Bu bolsa türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini has ýakyndan görmäge mümkinçilik berip, maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Okuw maslahatynyň esasy maksady tebigatymyzyň gözelliklerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini wagyz etmekden, oňa ünsli çemeleşmekden ybaratdyr. Bu ýere ýygnananlara ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen bagly gyzykly maglumatlar berildi.
Maýsa Berdiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.