11-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mej­lis­ler za­lyn­da Hal­ka­ra bi­ta­rap­lyk gü­ni we Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 28 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Dia­log-pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Fo­ru­myň umu­my mej­li­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň we da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky akk­re­di­tir­le­nen dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de iş­gär­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy we­kil­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, mil­li we da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Fo­ru­myň ýo­ka­ry de­re­je­si we oňa gat­na­şy­jy­la­ryň we­kil­çi­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň oý­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na gy­zyk­lan­ma­nyň art­ýan­dy­gy­nyň, dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra howp­suz­ly­gy­ny, dur­nuk­ly­ly­gy hem-de äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň or­nu­nyň we wa­jyp­ly­gy­nyň gol­da­nyl­ýan­ly­gy­nyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, “Dia­log-pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly äh­lu­mu­my baş­lan­gyç Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ta­ra­pyn­dan 2021-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­myn­da öňe sü­rül­di. Bu baş­lan­gyç 2022-nji ýy­lyň 6-njy de­kab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň “2023-nji ýyl- Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de dia­lo­gyň hal­ka­ra ýy­ly” ka­rar­na­ma­sy esa­syn­da bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow öz çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň dür­li hal­ka­ra meý­dan­ça­la­ryn­da, il­kin­ji no­bat­da, BMG-de “Dia­log-pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly hal­ka­ra baş­lan­gy­jyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça ýe­ten sep­git­le­ri ba­ra­da bel­le­di. Bu iş­ler ahyr­ky ne­ti­je­de de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi we hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi bi­len has-da ber­ki­dil­di.
Bu baş­lan­gy­jyň hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da eme­le gel­ýän hal­ka­ra ýag­daý­la­ryň, ola­ryň hä­si­ýe­ti­niň we ösü­şi­niň me­ýil­le­ri­niň iç­gin hem-de dog­ru­çyl sel­je­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de öz wag­tyn­da öňe sü­rü­len­di­gi bel­le­nil­di.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu baş­lan­gyç äh­li döw­let­le­re dün­ýä­niň yk­ba­ly­na jo­gap­kär­li çe­me­leş­mä­ge, dü­şü­niş­mez­lik­le­riň hem-de howp­la­ryň art­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga, dün­ýä ýag­daý­la­ry dog­ru­çyl sel­jer­mä­ge, oňa ta­ry­hy we sy­ýa­sy ba­bat­da oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­mä­ge ça­ky­lyk hök­mün­de çy­kyş ed­ýär.
Şeý­le-de, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li bo­lan dia­lo­gyň öza­ra gat­na­şyk­la­ryň äh­li ul­gam­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän dö­re­di­ji­lik ha­dy­sa­sy hök­mün­de çy­kyş ed­ýän­li­gi bel­le­nil­di. Şun­da, hyz­mat­daş­ly­gyň bu for­mu­la­sy­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, bos­gun­lar me­se­le­si­ni, azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­gi, yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň beý­le­ki wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ulan­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk­ly­gy bel­le­nil­di. Şeý­le hem, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­ler we ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len de­giş­li ugur bo­ýun­ça or­ta­möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ry bi­le­lik­de iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça tek­lip­ler öňe sü­rül­di.
Ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň or­ny, ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my hal­ka­ra me­se­le­le­ri çöz­mek­dä­ki iş­jeň­li­gi ba­ra­da gür­rüň edil­di hem-de Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li gut­lag­lar ýaň­lan­dy.
“Dia­log- pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly hal­ka­ra fo­ru­my­nyň umu­my mej­li­si ta­mam­la­nan­dan soň, onuň işi de­giş­li te­ma­ti­ki 4 bö­lüm­çe­ler bo­ýun­ça do­wam et­di.
Ola­ryň il­kin­ji­si- “Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň gu­ra­ly hök­mün­de dia­lo­gy ulan­mak” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Bu bö­lü­miň işin­de pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň äh­lu­mu­my Jar­na­ma­syn­da be­ýan edil­ýän dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ryň we pa­ra­hat­çy­ly­gy go­ra­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri­niň ula­nyl­ma­gyň ýol­la­ry ba­ba­tyn­da pi­kir-alyş­ma­lar gu­ral­dy.
“Dia­log ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy ga­zan­mak­da ze­nan­la­ryň or­ny” at­ly ikin­ji bö­lüm­de oňa gat­na­şy­jy­lar dün­ýä­de howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de, howp­suz­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ga­zan­mak bo­ýun­ça me­de­ni­ýe­ta­ra dia­lo­gyň ös­dü­ril­me­gin­de ze­nan­la­ryň or­nu­nyň ulu­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
“Ýaş­la­ryň se­si: Dia­log ar­ka­ly gel­jek­ki ne­sil­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek” at­ly üçün­ji te­ma­ti­ki bö­lüm­de döw­le­tiň we tu­tuş dün­ýä­niň dur­nuk­ly hem-de äh­mi­ýet­li gel­je­gi­ni kes­git­le­mek­de ösüp bar­ýan ýaş nes­liň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça me­se­le­ler mas­la­hat­la­şyl­dy.
“Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy: Glo­bal daş­ky gur­şaw hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça dip­lo­ma­tik dia­lo­gy” at­ly te­ma­ti­ki bö­lüm­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­sin­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na üns çe­kil­di.
Hal­ka­ra fo­ru­myň we onuň te­ma­ti­ki bö­lüm­le­ri­niň işi jem­leý­ji res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bi­len ta­mam­lan­dy.