Işinden çekilýän hökümet ynam sesini alyp bilmänsoň, 12-nji dekabrda parlamentde geçirilen ses berişlikde Polşanyň Premýer-ministri wezipesine Donald Tusk saýlandy.
Donald Tusk Seýmde (parlamentiň aşaky palatasy) 248 sese eýe boldy. Oňa üç sany esasy partiýa – “Raýat koalisiýasy”, “Üçünji ýol” we “Çep” goldaw berdi. Donald Tuska 201 parlament agzasy ses berip, saklanan bolmady. Şeýlelikde, öňki Premýer-ministr Mateuş Muraweskiý ynam sesini alyp bilmänsoň, Seým tarapyndan Donald Tusk makullandy.
Parlament saýlawlary 15-nji oktýabrda Polşada geçirildi. Häkimiýet başyndaky “Kanun we Adalat” partiýasy (PiS) birinji ýeri eýeledi, ýöne Seýmda hökümet gurmak üçin zerur orunlaryň köpüsini alyp bilmedi.
27-nji noýabrda Prezident Anjeý Duda PiS-iň wekili M. Moraweskä Ministrler Kabinetini döretmegi tabşyrdy. Şeýle-de bolsa, Seým teklip edilen hökümeti inkär edip, PiS partiýasynyň sekiz ýyllap dolandyryşyny aradan aýyrdy.