Uelsiň çempionatynyň wekillerinden “Pontipridd Ýunaýted” toparyna taryhy jerime berildi. Klubuň futbolçylaryna hiç hili töleg etmeýändigi hem-de şertnamanyň borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi üçin toparyň 141 utugy aýrylar. Umumylykda topar 18 gezek düzgüni bozandygy üçin 141 utuk aýyrmak jerimesine sezewar edildi. Ýöne ilkinji babatda klubuň 6 utugynyň aýryljakdygy mälim edilip, eger-de klub ýene şol düzgünleri bozan ýagdaýynda onda, galan 135 utuklyk jerime hem güýje girer.

Klub 2022/23 möwsüminden bäri düzgüne gabat gelmeýän futbolçylary oýnadypdyr, şol sanda oýunçylaryň aýlyk haklaryny bermändir we başga-da toparyň düzümi bilen baglanyşykly birnäçe bidüzgünçiliklere ýol berlipdir.

Bu ýagdaý barada Uelsiň futbol federasiýasy tarapyndan berlen beýanatda: – Pontipridd Ýunaýted topary bilen baglanyşykly futbolçylaryň arz-şikaýatlary netijesinde iş gozgaldy. Netijede bolsa kluba jerime salyndy – diýlip bellenilýär. Iş gozgalmazdan öň Uelsiň Kubogy ýaryşyndan çykarylan toparyň ýerli kubok ýaryşy bolan “Nathaniel MG” Kubogy bäsleşigine gatnaşmagyna ygtyýar berildi. Utugy aýrylanyndan soň iň aşaky orna düşen “Pontipridd Ýunaýted” toparynyň çempionatda 7 utugy bar.