Ýetip gelýän Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan gysga göwrümli çeper film surata düşürilýär. Ol ýylyň esasy baýramynyň ruhy bilen gurşalypdyr.
Filmiň edebi esasyny Rahymberdi Annagulyýew ýazdy, Sapardurdy Annaýew bolsa režissýorlyk edýär.
Aýazbabanyň keşbini artist Ýeňiş Ýazmyradow ýerine ýetirýär, baş keşplerde Orazgeldi Durdyýew (çopan – Baýram aga) we Perhat Babaýew (agtygy – Parahat) çykyş edýärler.
Baýramçylyk filminde Begenç Garlyýew, Mahym Nuryýewa, Rahymberdi Annagulyýew dagy çykyş edýärler. Täze ýyl mynasybetli surata düşürilýän film baýramçylyk günleri milli teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine hödürlener. Filmiň ildeşlerimiziň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup, olaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrjakdygyna ynanýarys. Sebäbi filmde beýan edilýän wakalar özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Gülkili wakalara, gyzykly pursatlara baý bolan filmde çykyş edýän artistler özlerine ynanylan keşleri ussatlarça ýerine ýetirmegi başarypdyrlar. Bu bolsa filmiň täsirini has-da artdyrýar.
Belläp geçsek, täze filmiň režissýory Sapardurdy Annaýew şu ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halklara kinofestiwalda «Kagyza ýazylan ykbal» atly filmi bilen halkara festiwalyň birinji ornuna «Akhan» kubogyna mynasyp bolupdy.