15-nji dekabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyk edýär.
2023-nji ýylda iri çäreleriň birnäçesi, şol sanda 18-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde hormatly Prezidentimiziň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşygy geçirildi. Mundan başga-da, 19-njy iýunda Aşgabatda ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň çäginde 6-njy duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri 25-26-njy oktýabrda Brýussel şäherinde geçirilen «Ählumumy gapylar» atly birinji foruma gatnaşdy. Şu ýylyň 22-nji noýabry — 3-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda Ýewropa medeniýetiniň günleri guraldy.
Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we Ýewropanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda mugallymlarydyr talyplary alyşmak ugry boýunça hyzmatdaşlyk amala aşyryldy. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda hem hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, dürli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş we bilim, hususy ulgam, söwda, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda, beýleki derwaýys ugurlarda maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar.
Bellenilişi ýaly, soňky döwürde Ýewropa Bileleşiginiň biziň sebitimiz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasy ep-esli artýar. 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa boýunça täzelenen Strategiýany kabul etdi. Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygynyň netijesi boýunça Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki «Ýol kartasy» kabul edildi. Bu resminamada geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň garamagyna ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda teklipleri hödürledi.
Hususan-da, Adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň 15-nji duşuşygyna hem-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki toparyň 22-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Belgiýanyň Brýussel şäherine ibermek teklip edilýär. Bu çäreler, degişlilikde, 18-19-njy dekabrda meýilleşdirilýär.
2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň paýtagtynda ulag ulgamynda maýa goýum forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu foruma türkmen tarapy hem gatnaşmaga çagyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Brýussele ýurdumyzyň wekiliýetini ibermek teklip edilýär. 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň esasynda geljek ýylyň ikinji çärýeginde ulag ulgamynda bilermenleriň duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şeýle-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzüm birlikleri bilen duşuşygy guramak boýunça işleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, özara gatnaşyklaryň dürli ulgamlarda ösdürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine iki tarap üçin hem bähbitli bu işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.