Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Ýewropa eksport edilýän tebigy gazyň möçberini 2027-nji ýyla çenli iki essä çenli artdyryp biljekdiklerini aýtdy. Prezident Aliýew Serbiýanyň Niş şäheri bilen Bolgariýa aralygynda gurlan, uzynlygy 170 kilometrlik gaz geçirijiniň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň Ýewropa gaz eksportynyň 2021-nji ýylda 8 milliard kub metr bolanlygyndan üstümizdäki ýylda 12 milliard kub metre ýetirilendigini, 2027-nji ýyla çenli iki esse artdyrmak üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.
Azerbaýjandan 2020-nji ýylda Ýewropa gaz akdyrylyp başlanypdy. Geçen ýyl Ýewropa Komissiýasy bilen bu ýurduň arasynda eksport edilýän gazyň möçberini geljek bäş ýylda 20 milliard kub metre ýetirmek barada ylalaşylypdy.
Serbiýa gaz üpjünçiligini diwersifikasiýa etmek maksady bilen Bolgariýanyň gaz geçiriji toruna birikdi. Bolgariýanyň Nowi Iskar etraby bilen Serbiýanyň Niş şäheriniň aralygyndaky bu gaz geçiriji Gresiýadaky we Türkiýedäki suwuklandyrylan gaz desgalaryna, Azerbaýjandan turbageçiriji arkaly barýan gaza elýeterliligi üpjün eder. Gazgeçiriji arkaly ýylda 1,8 milliard kub metr gaz akdyryp bolýar. Bu bolsa Serbiýanyň her ýylda sarp edýän tebigy gazynyň 60 göterimine barabardyr.
Ýewropa Komissiýasy gazgeçirijiniň gurluşygy üçin 49,6 million ýewro grant berdi.