Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh tarapyndan başy başlanan çölleşmäge garşy göreşmek boýunça tutuş ýurt boýunça “Milliard agaç” kampaniýasy amala aşyrylandan bäri ýurtda 41,5 million agaç we gyrymsy agaç oturdyldy. Bu barada daşky gurşaw we syýahatçylyk ministri Bat-Ulziýn Bat-Erdene Mongoliýanyň döwlet Huralynyň (parlament) umumy mejlisinde yglan etdi.
2030-njy ýyla çenli, azyndan, 1 milliard agaç ekmek boýunça tutuş ýurt boýunça kampaniýa 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda resmi taýdan başlandy. Şonda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh BMG-niň Baş Assambleýasyndan öz ýurdunyň çölleşmäge we howanyň üýtgemegine garşy göreşjekdigini mälim etdi. Şuny göz öňünde tutup, mongol hökümetiniň 2020-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyna tokaýlary dikeltmek we olaryň meýdanyny 9%-e çenli ýokarlandyrmak ýaly birnäçe möhüm çäreler girizildi.
Ekologlar Mongoliýanyň howanyň global üýtgemeginiň täsirlerine has durnuksyzdygyny belleýärler. Ýurduň geografik ýerleşişi sebäpli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklaryň, çölleşmegiň we sary tozan tupanynyň ýygylygy ýylsaýyn artýar. Mongoliýanyň Daşky gurşaw we syýahatçylyk ministrliginiň iň soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurduň çäginiň, takmynan, 77%-i çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna sezewar bolýar.