Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy şeýh Maşal al-Ahmed al-Jaber Al-Sabah 16-njy dekabrda aradan çykan şeýh Nawaf al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň ýerine täze emir diýlip yglan edildi. Degişli beýanat Kuweýt telewideniýesinde hökümet başlygynyň orunbasary, döwlet ministri Issa al-Kandari tarapyndan mälim edildi.
Kuweýtiň Konstitusiýasyna laýyklykda, emir aradan çykandan soň tagta mirasdüşer şazada geçýär, ýöne ol diňe Milli mejlisde (bir palataly) kasam kabul edeninden soň häkimiýete geçip biler. Täze emiriň mirasdüşer bellemek üçin bir ýyl möhleti bar.
Şeýh Nawaf üç ýyl häkimiýetde bolandan soň, 86 ýaşynda aradan çykdy. Ýurtda 40 günlük ýas yglan edilip, döwlet edaralary üç gün ýapyk boldy. 29-njy noýabrda emiriň kanselýariýa işleri boýunça döwlet ministri Muhammet Abdullah al-Mubarek al-Sabah monarhyň keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi.
Şeýh Nawaf 2006-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli ýurda ýolbaşçylyk eden dogany Sabah al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah aradan çykandan soň, 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda tagta çykypdy. 2006-njy ýylyň fewral aýynda Şeýh Sabahyň buýrugy bilen şeýh Nawaf mirasdüşer şazada boldy. Şeýh Nawaf 1937-nji ýylyň 25-nji iýunynda Kuweýtde dünýä indi. Ol 1921-1950-nji ýyllar aralygynda Kuweýtiň hökümdary bolan Şeýh Ahmed al-Jaber al-Sabahyň altynjy ogludyr. Emir Nawaf Ýakyn Gündogarda uly abraýa eýedi. Ol Kuweýtiň durmuş-ykdysady ösüşi we halkara arenasyndaky ornuny berkitmek üçin köp işler bitirdi.
4,2 million töweregi ilaty bolan Kuweýt nebit ätiýaçlyklary boýunça dünýäde altynjy orny eýeleýär. Bu ýurt 90-njy ýyllaryň başyndan bäri ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky esasy ýaranlaryndan biridir.