Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen woleýbol boýunça zenanlaryň arasyndaky 16-njy Klublararasy Dünýä Kubogy tamamlandy. Finalda ilkinji gezek 2 türk kluby, Stambulyň “Ejzajybaşy Daýnawit” hem-de “Wakyfbank” toparlary duşuşdy. 5 setde tamamlanan oýunda “Ejzajybaşy Daýnawit” topary güýçli garşydaşyny 3:2 hasabynda ýeňdi. 1-nji setde “Wakyfbank” 25:19 öňe saýlandy. 2-3-nji setler 25:23 hasaplar bilen tamamlanyp, “Ejzajybaşy” umumy hasapda öňe geçdi. 4-nji setde 25:23 ýeňiş gazanan “Wakyfbank” hasaby deňledi. Final setinde bolsa 15:9 hasabynda üstün çykan “Ejzajybaşy” 2015-nji we 2016-njy ýyllardan soň 3-nji gezek bu kubogy eýeledi. Olar 2019-njy ýylda finalda utulypdy.
Bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji sapar (2011, 2022, 2023) finalda asgyn gelen “Wakyfbank” topary 2013-nji, 2017-nji, 2018-nji hem-de 2021-nji ýyllarda çempion bolupdy.
Bürünç medal duşuşygynda Hytaýyň “Tianžin Bohai Bank” topary Braziliýanyň “Dentil Praia” klubuny 3:1 hasabynda ýeňdi.
Bäsleşigiň iň gymmatly oýunçysy diýlip, çempion klubuň serbiýaly ýyldyzy Tiýana Boşkowiç saýlandy.