Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” tälimçisi Diego Lopezi wezipesinden boşadan “Sewilýa” topary täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy. Kiki Sançes Floresi wezipä bellän klub onuň tälimçiliginde myhmançylykda “Granada” bilen duşuşdy. Duşuşykda “Sewilýa” 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Sewilýa” toparyna ýeňiş getiren gollary Pedrosa (23), Okampos (32) hem-de Serhio Ramos (49) geçirdi. Duşuşykda toparynyň 3-nji goluny geçiren Serhio Ramos “La Ligada” 21-nji asyrda 18 dürli möwsümde gol geçirmekde Hoakiniň rekordyna şärik boldy.