20-nji dekabrda Žogorku Keneş (Gyrgyzystanyň parlamenti) ikinji we üçünji okalyşda ýurduň baýdagyny üýtgetmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada Respublikanyň iň ýokary kanun çykaryjy guramasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Hususan-da, deputatlar “Gyrgyz Respublikasynyň döwlet nyşanlary barada” Gyrgyz Respublikasynyň kanunyna üýtgetmeler girizmek baradaky kanun taslamasyna garadylar we kabul etdiler.
Taslamanyň başyny başlaýjylar hökmünde Žogorku Keneşiň deputatlary Nurlanbek Şakiýew we Ulan Primow çykyş ediler. Taslama ýurduň esasy döwlet nyşanlaryndan biri bolan Gyrgyzystanyň baýdagyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Gyrgyzystanyň baýdagyndaky şöhleleri tolkun görnüşinden Gün şöhlelerini aýdyň ýadyňa salýan görnüşe üýtgetmek teklip edilýär.
59 deputat kanun taslamasynyň kabul edilmegine ses berdi, 5-si garşy ses berdi.
Mundan öň, 29-njy noýabrda Žogorku Keneş ýurduň baýdagyny üýtgetmek baradaky kanun taslamasyny ilkinji okalyşda makullapdy.
Esasy Dünýä täzelikleri Gyrgyzystanyň parlamenti baýdagy üýtgetmek barada kanun taslamasyny kabul etdi