Jem­gy­ýe­tiň we döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ýur­du­myz­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen ýö­rel­ge­si esa­syn­da mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny has-da döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin tä­ze be­lent mak­sat­lar we we­zi­pe­ler go­ýul­ýar. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da ila­tyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty de­re­je­si­ne gö­te­ril­me­gi sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­ne hal­ky­my­za hyz­mat edip, ak ýü­rek­den zäh­met çek­mä­ge iter­gi ber­ýär hem-de ola­ryň öňün­de uly we­zi­pe­le­ri goý­ýar. Ke­sel­le­ri anyk­la­mak, be­jer­mek, öňü­ni al­mak bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry we in­no­wa­si­on tej­ri­be­le­ri işe or­naş­dyr­mak, yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, el­ýe­ter­li hem-de ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­mek ba­bat­da oňat ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. Bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­de dün­ýä bi­le­le­şi­gi, aý­ra­tyn-da, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy (BSGG) ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len nus­ga­lyk iş­ler ama­la aşy­ryl­dy.
Go­laý­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport ul­gam­la­ry­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wi­se-prem­ýer BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­na sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri üçin ber­len gü­wä­na­ma­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy hal­ka­ra äh­mi­ýet­li bu hoş ha­bar­lar bi­len gut­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy esa­syn­da dün­ýä döw­let­le­ri, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, hu­su­san-da, BMG we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri – Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, Ça­ga­lar gaz­na­sy, Ilat gaz­na­sy, şeý­le hem iri luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy ta­ra­pyn­dan «Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň hem­me­ler üçin ýo­ka­ry hil­li der­man­la­ra el­ýe­ter­li­li­gi, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň yzy­gi­der­li­li­gi­ni we hi­li­ni üp­jün et­mek ar­ka­ly sag­ly­gy go­raý­şyň hyz­mat­la­ry­nyň äh­lu­mu­my gur­şa­wy­nyň ýo­lun­da ösü­şi çalt­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mö­hüm ta­gal­la­la­ry üçin» at­ly gü­wä­na­ma­sy, BSGG-niň Sup­ra­mil­li re­fe­rens bar­lag­ha­na­sy­nyň (Gau­ting, GFR) de­giş­li gü­wä­na­ma­la­ry bar. Tä­ze gü­wä­na­ma­la­ryň be­ril­me­gi mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan nus­ga­lyk işe ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Döwlet Baştutanymyz sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler üçin ýur­du­my­za Bir­le­şen Milletler Gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri­niň gü­wä­na­ma­la­ry­ny 27-nji de­kabr­da ge­çi­ril­jek ýaş­lar fo­ru­myn­da gow­şur­ma­gy tab­şyr­dy.
Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Bu bol­sa ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak bi­len bag­ly iş­le­riň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de dur­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­mak bi­len, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugur­da­ky ýa­daw­syz ala­da­la­ry­nyň mi­we­si­dir.

Kü­müş AL­LA­BA­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.